21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär

Iýn 25, 2024

Türkmenistanda 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu günler Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär. Onuň çäklerinde milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk ukyplary, olaryň maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Gyzyklanma bildirilip geçirilýän söhbetdeşlikleriň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler.

Merkezi we ýerli metbugatda bellige alnan dalaşgärleriň sanawy hem-de olaryň terjimehallary çap edildi. Dalaşgärler milli telewideniýede saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen çykyş etdiler.

Saýlawlara taýýarlyk işleri ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, şol sanda saýlawlara çagyryş bilen ýüzlenýän wideoşekiller taýýarlanyldy we teleýaýlymlar arkaly giň jemgyýetçilige ýetirildi.

Saýlawlar baradaky dessin maglumatlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda ýerleşdirilýär.

Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan üç jemgyýetçilik guramasy — Demokratik, Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýalary peýdalandy. Dalaşgärleriň birnäçesi bolsa raýat toparlary tarapyndan hödürlenildi.

Milli synçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredildi. Munuň özi saýlaw möwsüminiň açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigine şaýatlyk edýär diýlip, habarda bellenilýär.