21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda NFC we QR-kod ulanyp galtaşyksyz töleg etmek üçin «Sanly kart» bank hyzmaty döredildi

Noý 3, 2023

«Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin «Sanly kart» programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiligi NFC we QR-kod tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenendir.

Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 2-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň karz edaralarynyň hasaplaşyklar — töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda  ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň banklarynda töleg ulgamlary hem kämilleşdirilýär, nagt däl tölegleriň gerimi giňeýär.
«Sanly kart» täze bank hyzmaty hem raýatlarymyzyň ykjam telefonlary bilen töleg amallaryny geçirmeginde netijeli bolar diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň kämil we döwrebap bolmagyny gazanmagy tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi