21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

Ýan 17, 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçiligindäk toplumlaryň işi barada döwlet baştutanymyza hasabat berdiler. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti