21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda Oraza we Nowruz Baýramy mynasybetli dört gün dynç günidigini yglan edildi

Mar 17, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedow 16-njy martda ýurdumyzyň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar etdi:

1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2026-njy ýylyň 20-nji martynda bellemeli.

2. 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — duşenbe gününe geçirmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Şeýlelikde, 20, 21, 22 we 23-nji mart iş güni däl diýilip yglan edildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti