Türkmenistanda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklandy
Few 21, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.
Bu meýilnama howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, gümrük, serhet, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmaga, ykdysadyýeti we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine, bilim-ylym ulgamlarynda, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny pugtalandyrmakda birnäçe işleri öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda halkara guramalar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.