Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçiriler
Mar 28, 2026
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow 27-nji martdaky Hökümet mejlisinde ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny we tehnologiýalaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen, milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda Kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ylym ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.