Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
Iýl 10, 2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 9-njy iýulda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we özara bähbitli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de çyzykly ösdürmegiň geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi hem-de dürli derejelerdäki gatnaşyklary yzygiderli saklamagyň wajypdygy aýdyldy. Şunda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täze itergi berýän ýokary derejeli saparlara aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem özara düşünişmegi berkitmekde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem duşuşygyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, söwda, maýa goýumlar, ulag we logistika ugurlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň möhüm orny nygtaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylyp, konstruktiw gepleşikleri ösdürmäge taýýarlyk tassyklanyldy.