turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Türkmenistanyň DIM-nde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Mar 24, 2026
Aşgabatda 23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparyna aýratyn ähmiýet berildi. Şol saparyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen netijeli we dostlukly duşuşygyň geçirilendigi nygtaldy.
Gepleşikleriň barşynda diplomatlar agzalan saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.