Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi
Few 21, 2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 20-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly halkara maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli ýurduň diplomatik işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy nygtaldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň halkara hyzmatdaşlygyň durnukly we adalatly ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň energetika we ulag arabaglanyşygy, ekologiýa diplomatiýasy hem-de halkara hukugy pugtalandyrmak ugurlarynda Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuny goldamak arkaly işjeň çykyş edýändigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar globallaşma şertlerinde türkmen diplomatiýasynyň barha artýan ornuny, onuň parahatçylygy, ynanyşmagy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyny bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýylynyň tapawutlanan talyplaryna dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlary gowşuryldy.