21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň diplomatlary Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar

Apr 30, 2024

2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 5 — 8-nji iýunynda Sankt-Peterburgda geçiriljek XXVII Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Tanyşdyryşda arhitektura, işewürlik programmasy, halkara ölçegindäki tematiki ugurlar we SPIEF 2024-iň guramaçylyk hem-de maddy-tehniki taraplary görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy