
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky «Fitch Ratings» bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer
Okt 31, 2023
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Hökümetiň 28-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Fitch Ratings» halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine gönükdirilen degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmelidigini belledi hem-de “Fitch Ratings” agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen halkara derejeleriň ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny has-da ýokarlandyrýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şundan ugur alyp, halkara agentlikler bilen zerur işleri yzygiderli alyp barmak babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.