Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty raýatlar bilen netijeli işlemegini dowam edýär
Maý 20, 2026
Şu yyl işe girizilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sorag-jogap hyzmaty gysga wagtyň içinde gümrük ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrýan möhüm gurala öwrüldi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Gelen ýüztutmalaryň seljermesi raýatlaryň we işewür toparlaryň, esasan, harytlary resmileşdirmek hem-de eksport-import şertnamalarynyň talaplary bilen gyzyklanýandygyny görkezdi. Şeýle hem Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlarynda ýüze çykýan dürli ýagdaýlar boýunça köp sanly sowallar gelip gowuşdy.
Fewral — aprel aýlarynyň aralygynda bu hyzmat arkaly jemi 201 sany resmi ýüztutma kabul edildi.
Amala aşyrylýan bu maglumat goldawy hepdede alty gün sarp edijiler üçin elýeterlidir. Ýekşenbe gününden başga, her gün sagat 09:00-dan 17:00-a çenli raýatlar 39-41-39 telefon belgisi arkaly özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça professional geňeşleri alyp bilerler.