
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy
Sen 22, 2023
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» atly sergi dabaraly ýagdaýda açyldy. Serginiň başy hormatly Prezidentimiziň ýurdymyzyň Garaşsyzlygy we baky Bitaraplygy barada sözlän sözi bilen başlap, onda: «Täze döwrümiziň röwşen ýolunda ak ýüreklilik we wepalylyk bilen Watana gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny berkitmek, gazanylýan üstünliklere goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr» diýilýär. Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär.
Sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplar, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri, şeýle-de muzeý gymmatlyklary uly orun alýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew sergini açdy. Sergä döredijilik we sungat işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet muzeýi