21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýada geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Maý 22, 2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň barşynda türkmen tarapy dünýä we sebit derejesinde parahatçylygyň, ösüşiň ilerlemegi ugrunda energiýa serişdeleriniň we üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň ähmiýeti barada belledi.

Türkmen tarapy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmekde açyk meýdança bolup durýandygyny belledi.

Mejlisiň netijeleri boýunça hödürlenen meseleleriň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, şeýle hem ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge, Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga uly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Dünýägözel Gulmanowa Russiýa iş saparynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen hem duşuşdy.