Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ýanwarda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi
Few 7, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy fewralda geçirilen mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisde Çad Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, halkara guramalaryň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 4-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek babatda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 6-syna gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.