Türkmenistanyň Prezidenti «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylary gutlady
Maý 24, 2026
Paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat 24-nji maýda dabaraly ýagdaýda öz işine başlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, bu çäräniň dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän paýtagtymyzyň gazanan belent sepgitlerini halkara jemgyýetçilige ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän bu uly çäre şähergurluşyk we binagärlik ulgamynda täze innowasion taslamalary, amatly şäher gurşawyny we döwrebap sanly jemagat hyzmatlaryny tanyşdyrmakda möhüm işewürlik meýdançasy bolar.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, milli binagärlik ýörelgelerini döwrebap tejribeler bilen utgaşdyrýan, käbiri Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ajaýyp binalar Aşgabadyň gözelligini barha artdyrýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuşy üçin «akylly» öý tehnologiýalarynyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy döwlet syýasatynyň baş wezipesi bolup durýar.
Häzirki wagtda Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň dolandyryş, senagat, medeniýet we ylym merkezi bolman, eýsem halkara derejede ykrar edilen şäherdir. Paýtagtymyz dürli ýyllarda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasyna kabul edildi we geçen ýyl ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu gezekki köpugurly sergi we maslahat hem gözel paýtagtymyzyň mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegine, öňdebaryjy tejribeleriň öwrenilmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygyň barha pugtalanmagyna uly goşant goşar.