turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak barada Permana gol çekdi
Sen 25, 2024
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamaly.
Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we Arkadag şäheriniň häkimligi şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli.