Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar
Iýn 22, 2026
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 20-iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli esasda ösdürmekden ybaratdyr. Olaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasyny hem bellemek gerek.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda aýdylanda, iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat, dokma we azyk senagaty hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alnyp barylýar.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda medeniýet, sungat, ylym, bilim, sport we beýleki ugurlar boýunça dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjana döwlet saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Azerbaýjan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş goňşy döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi hem-de iki döwletiň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmek babatda wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.