21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidenti italýan kärdeşine gutlag hatyny iberdi

Iýn 2, 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň ähli halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika gününiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işinde üstünlikleri, Italiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.