turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emirini gutlady
Few 25, 2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.