Türkmenistanyň Prezidenti mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibini tassyklady
Few 21, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Hökümet mejlisinde şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň şygarynyň yglan edilmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny gowşurmak dabaralarynyň, welaýatlarda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çäreleriniň, konsertleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň mart aýynda welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň, Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!” atly festiwalyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.