Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda iş maslahatyny geçirdi
Dek 3, 2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji dekabrda Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda toplumy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew häzirki wagtda Ylmy-barlag däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bu işde döwrebap tehnikalar, täze tehnologiýalar giňden peýdalanylýar. Şeýle-de häzirki wagtda seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary hasyl berýän sortlary döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, döwrebap agrotehniki usullaryň netijeli öwrenilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.