Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Ýan 10, 2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilen mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän toplumlary tarapyndan 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmeli işler, degişli iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdiler. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.