21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidenti portugaliýaly kärdeşine gutlag hatyny iberdi

Iýn 10, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguruwa ýurduň milli baýramy — Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Portugaliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.