21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýada täze ilçi belledi

Awg 14, 2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Döwletmyrat Seýitmämmedow Türkmenistanyň Gruziýa Respublikasyndaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli resminamasyna görä, Döwletmyrat Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejesi berildi.