21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyna gutlag hatyny iberdi

Iýn 6, 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Karl XVI Gustawa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şwesiýa Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.