21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar döredildi

Awg 26, 2023

Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy pensiýa bellemegi düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 40-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar döredildi we şu toparyň düzümi, şeýle hem şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.