Türkmenistanyň Tailanddaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Few 10, 2026
Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde 9-nji fewralda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) Muhammetnyýaz Maşalow bu ýurduň DIM-niň Protokol departamentiniň başlygy Çakkrid Kraçaýwong bilen duşuşdy we oňa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Tailand tarapy ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam hem goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşykda taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Aşgabat bilen Bangkokyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.