Türkmenistanyň we Russiýanyň ilçileri GDA-da hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Few 18, 2026
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Minsk şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) tertipnamalaýyn edaralarynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili Aleksandr Lukaşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar şu ýyl GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar halkara hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşyp, sebit durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen Arkalaşygyň meýdançalarynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berdiler.
Aleksandr Lukaşewiç Russiýanyň GDA-nyň çäginde Türkmenistanyň iri başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegini, şeýle-de Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň tapawutly aýratynlygy boljak uzak möhletleýin taslamalary işjeň goldamaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisihanasy