21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň we Taýland Patyşalygynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Dek 19, 2023

Türkmenistanyň we Taýland Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak, Türkmenistanyň hem-de Taýlandyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem parlamentara dostluk toparyny döretmek we iki ýurduň parlamentarlarynyň saparlaryny alyşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde türkmen-taýland gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler.

Diplomatlar Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Taýlandyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny geçirmek arkaly söwda- ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.