21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Noý 14, 2025

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 13-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky syýasy dialogyň ýokary derejesi we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge bolan ygrarlylyk aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň halkara we sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi bellenildi.

Şeýle hem taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi