Türkmenistanyň we Türkiýäniň wekilleri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
Maý 15, 2026
14-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýewiň Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky «Türkmenistan-Türkiýe» işewürlik geňeşiniň türk böleginiň başlygy Sefa Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň işewürleriniň Türkmenistan bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Sefa Gömdeniz Türkmenistanda iş alyp barýan türk kompaniýalaryna berilýän kömek we giň gerimli goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda netijeli dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler hem-de geljegi uly bolan ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.