Türkmenistanyň wekili BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň mejlisinde çykyş etdi
Few 19, 2026
Ženewada 17-nji fewralda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň (IUK) 88-nji mejlisi öz işine başlady. Çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Ýokary derejeli mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzda ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň döwlet syýasatynyň strategik ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Şeýle hem elektron resminama dolanyşygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, döwletara maglumat alyş-çalyş mehanizmleriniň ornaşdyrylmagyna hem-de Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar ugurlary boýunça sanly ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
Mundan başga-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen amaly hyzmatdaşlyk, şol sanda multimodal daşamalaryň sanlylaşdyrylmagy we maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan alyş-çalşygy boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi.
Çykyşda milli başlangyçlaryň durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibi bilen arabaglanyşygy, hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda yglan edilen 2026-2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy bilen sazlaşygy nygtaldy.