21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň wekili Koreýa Respublikasynda geçirilen mejlise gatnaşdy

Awg 12, 2024

8-nji awgustda Türkmenistanyň Seuldaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň esasy binasynda geçirilen "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" Hyzmatdaşlyk forumy sekretariatynyň 15-nji ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşdy.
 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçilerinden we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa işleri boýunça bölüminiň baş müdirinden ybarat bolan ýerine ýetiriji komitetiň agzalary, şu ýylyň güýzünde Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän 17-nji Hyzmatdaşlyk forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
 

Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar geçiriljek forumyň gün tertibine degişli meseleleri, şeýle hem 2025-nji ýyl üçin "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" forumunyň iş meýilnamasy barada pikir alyşdylar.
 

 

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi