21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa-Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ikinji sebitleýin ýygnagyna gatnaşdy

Few 10, 2025

Türkmenistanyň wekiliýeti Bangkokda Aziýa-Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ikinji sebitleýin ýygnagynyň işine gatnaşdy. Çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy Halkara migrasiýa guramasy bilen bilelikde gurady.

Maslahata birnäçe daşary döwletleriň we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda Howpsuz, nyzamly we kanuny migrasiýa baradaky Bütindünýä ylalaşygy durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary ýygnakda çykyş edip, ýurduň migrasiýa babatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alyp barýan parasatly syýasatyna aýratyn ünsi çekdi we guramanyň abraýly halkara gurluşlar bilen hyzmatdaşlykda toplan oňyn tejribesi barada gürrüň berdi.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»