21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabyny tanyşdyrdy

Awg 23, 2023

18-nji awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Ş.Matsuşita bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdylar. Şýele hem gepleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow jenap Ş.Matsuşitany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitaby bilen tanyşdyry.

Ýapon tarapy, öz gezeginde, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Kitabyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölümine aýratyn üns berildi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki möhüm ornuny giňişleýin belläp geçýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi