21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edildi

Ýan 16, 2026

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigi yglan etdi.

Bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy bolan, 35 ýaşa ýetmedik ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşikde 6 sany esasy ugurlar boýunça ylmy işler kabul edilýär: Nanotehnologiýa, himiýa tehnologiýasy, täze materiallary we energiýany gözlemek; Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; Häzirki zaman lukmançylygy we derman önümçiligi tehnologiýalary; Innowasiýa ykdysadyýeti; Ynsanperwerlik.

Ylmy bäsleşigiň netijeleri, adatça bolşy ýaly, 12-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar gününde yglan ediler. Ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly baýraklar gowşurylar.

Bäsleşik barada maglumat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň resmi web saýtynda ýerleşdirildi. Şeýle hem 44-88-55 telefon belgisi arkaly habarlaşmak bilen, maglumat alyp bilersiňiz.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti