Türkmenistanyň ÝOM-lerinde aprel aýynda olimpiadalar we maslahatlar geçiriler
Mar 14, 2026
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow 13-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sanly ulgam arkaly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda makroykdysadyýet dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň, sanly ulgam arkaly “Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri” atly III halkara ylmy-amaly maslahatyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça V Halkara internet olimpiadasynyň, sanly ulgam arkaly “Ýaşlaryň ylmy gözlegleri”, “Daşary ýurt dillerini okatmagyň dünýä we milli tejribesi: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar” atly halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly “Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglary: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde IV informatika dersinden Halkara açyk internet olimpiadasynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde utgaşykly görnüşde “Häzirki zaman oftalmologiýasynyň wajyp meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly II halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek baradaky teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.