“Türkmenpoçta” halkara “IPS” sanly ulgamyna birikdiriler
Mar 28, 2026
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew 27-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň “IPS” halkara sanly ulgamyna birikdirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň poçta ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň iri elektron söwda platformalary arkaly utgaşykly işi hem-de olar bilen göni hyzmatdaşlygy täze derejede ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwrebap logistika düzümini kemala getirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, poçta amallaryny kämilleşdirmek babatda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.