Türkmen türgenleri Gyrgyz Respublikasynda VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlaryna gatnaşýar
Sen 2, 2026
31-nji awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde täze gurlan «Bişkek Arena» stadionynda VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Halkara sport-medeni çärä dünýäniň 100-den gowrak döwletinden, şol sanda Türkmenistandan türgenler gatnaşýar. Oýunlaryň maksatnamasyna medeniýet, etnosport we ylym ugurlary girizilip, sportuň 43 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirilýär. Olaryň hatarynda milli göreş, at çapyşyklary, ýaýdan ok atmak, aň-paýhas oýunlary we beýleki milli sport görnüşleri bar.
VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli dowam eder. Çäräniň esasy çäreleri Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýär. Oýunlaryň çäklerinde Gyrçyn jülgesinde 300-den gowrak ak öýden ybarat etno-şäherjik döredilip, onda gyrgyz halkynyň milli medeniýeti, amaly-haşam sungaty we çarwa durmuşynyň däpleri görkezilýär.
Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary Merkezi Aziýanyň halklarynyň milli däp-dessurlaryny, medeni mirasyny we etnosport görnüşlerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga hyzmat edýän möhüm halkara çäreleriň biridir.