
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi döwrebaplaşdyrylýar
Iýn 15, 2024
14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow standartlaşdyrmak we metrologiýa ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan pudak edaralarynda ulanylýan ölçeg serişdelerini döwürleýin deňeşdirme barlagyndan geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Wise-premýer bu ugurdaky işleriň “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda geçirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz halkara standart talaplaryna laýyklykda, metrologiýa ugry boýunça ölçeg serişdeleriniň döwürleýin deňeşdirme barlagyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.