
TÜRKSOÝ-da 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi
Few 24, 2024
Ankara şäherinde ýerleşýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynda, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi, şeýle hem Beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna mynasybetli taýýarlanan banneriň açylyş dabarasy geçirildi.
TÜRKSOÝ-yň binasynyň öňünde geçirilen dabara, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.
Şeýlelikde, bu çäre medeni-ynsanperwer nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara jemgiýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.