Aşgabatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Awg 25, 2026
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň esasy maksady oba hojalygy, söwda-ykdysady hem-de ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Sapar çäklerinde hytaýly wekiliýet Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda boldy. Myhmanlar tehnoparkyň innowasion enjamlary hem-de ylmy bölümleriniň işi bilen tanyşyp, geljekde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem wekiliýet agzalary Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda Hytaýyň wekiliýeti Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ulgamynyň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýum, logistika we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alşyldy.
Gürleşikleriň netijesinde taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň durnukly hem-de uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtap, özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary dowam edýär.