21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Hazarýaka döwletleri Aşgabatda ylmy hyzmatdaşlygy maslahatlaşýarlar

Okt 28, 2026

Aşgabatda 27-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Hazar deňzi institutynda geçirilýän bu duşuşykda taraplar deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Mejlis öz işini 28-nji oktýabrda tamamlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Aşgabatda geçirilýän bu maslahat Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmegiň hukyk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ara alnyp maslahatlaşylýan resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň awgust aýynda Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitinde öňe süren halkara başlangyjy esasynda taýýarlanylýar. Şol wagt Gahryman Arkadagymyz bäştaraplaýyn bilelikdäki ylmy barlaglar üçin ulgamlaýyn meýdançany döretmek teklibi bilen çykyş edipdi.

Gepleşikleriň öňki tapgyrlary kenarýaka döwletleriň ählisiniň birmeňzeş we umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi. Bu gezekki duşuşygyň hem Ylalaşyk taslamasynyň galan düzgünlerini doly ylalaşmakda we resminamany soňky tapgyra taýýarlamakda uly öňegidişlik getirjekdigine garaşylýar.