Aşgabatda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady sergi geçiriler
Sen 11, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 17–19-njy sentýabr aralygynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň giň gerimli sergisi geçiriler. Möhüm çärede milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan netijeler, senagat we önümçilik mümkinçilikleri, innowasion taslamalar hem-de döwrebap önümler giňden tanyşdyrylar.
Sergide nebitgaz toplumy bilen bir hatarda senagat, gurluşyk, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk, dokma we beýleki pudaklarda amala aşyrylýan işler öz beýanyny tapar. Şeýle hem ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleriň möçberini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işler görkeziler.
Çäräniň esasy bölümleriniň biri türkmen hususy pudagyna bagyşlanar. Onda telekeçiler tarapyndan öndürilýän täze önümler, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan önümçilikler we geljegi uly maýa goýum taslamalary köpçülige hödürlener. Bu bolsa milli telekeçiligiň ykdysady ösüşe goşýan goşandyny aýdyň görkezmäge mümkinçilik döreder.
Häzirki wagtda sergä taýýarlyk işleri ýokary derejede dowam edýär. Oňa döwlet edaralary, pudaklaýyn kärhanalar we hususy kompaniýalar işjeň gatnaşýar. Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bu giň gerimli sergi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, önümçilik mümkinçiliklerini we durnukly ösüş ýolunda gazanylýan üstünlikleri giňden açyp görkezýän möhüm çäreleriň biri bolar.