21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň daşary işler ministriniň duşuşygy geçirildi

Noý 3, 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji noýabrda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Duşuşykda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Eýranly diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de häzirki saparyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynda goňşy döwletler bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şeýle hem türkmen we eýran halklaryny birleşdirýän taryhy, medeni we ruhy ýakynlygyň häzirki wagtda syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de Hazar ekologiýa sammitine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky dialogy has-da işjeňleşdirendigini aýtdy. Seýed Abbas Arakçi bolsa Awazada geçirilen halkara çäreleriň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýetini aýratyn belledi.

Duşuşykda Eýranyň Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hem üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.