Aşgabatda sanly özgertmeler boýunça halkara okuw maslahatyna badalga berildi
Iýn 30, 2026
Aşgabatdaky Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara binasynda iki günlük Halkara okuw maslahaty açyldy. Oňa gatnaşmak üçin «GSMA Ýewraziýa» sebitiniň tehniki ugurlar boýunça ýolbaşçysy, Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşiginiň (ITU) bilermeni Konstantin Sawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berildi.
Okuw maslahatynyň wezipeleri: Ykjam we göni aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň dürli tehnologiýalary we konsepsiýalary bilen tanyşmakdan; Häzirki we ozalky tapgyrlardaky aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, şol sanda ykjam, emeli hemra we göni usullara degişli tapgyrlaryň arasyndaky esasy tapawutlary öwrenmekden; Emeli aň esasynda aragatnaşyk ulgamlaryny awtomatlaşdyrmagyň çäreleri bilen tanyşmakdan; Dünýäde täze tehnologiýalary durmuşa geçirmegiň bar bolan mysallaryny öwrenmekden; Ýurtda täze tehnologiýalaryň we hyzmatlaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga hökümetiň we düzgünleşdiriji edaranyň nähili kömek edip biljekdigine düşünmekden ybarat boldy.
Maslahatyň birinji gününde “Sanly ykdysadyýeti ösdürmek we telekommunikasiýalaryň täsiri baradaky umumy garaýyşlar” boýunça çykyşlar diňlenilip, Telekommunikasiýa ulgamynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maksatnamalary we başlangyçlary bilen tanyşdyryldy, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Ýewraziýanyň ykjam ykdysadyýeti, Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň täze ugurlaryny ösdürmegiň ählumumy ýagdaýlary barada giňişleýin gürrüň edildi.
Mundan başga-da, “Giriş ulgamlarynyň simsiz-ýerüsti torlary” barada çykyşlara orun berlip, ykjam aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň döwrebap tapgyry, ykjam aragatnaşyk ulgamlarynyň binýadynda simsiz göni (FWA) ulgamyndan peýdalanmagyň halkara tejribesi barada pikir alşyldy.