21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi

Okt 8, 2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrülen bu duşuşykda taraplar halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Maslahatyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça yzygiderli syýasy dialogy we çemeleşmeleri utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasynda köpşatlamaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täze mümkinçiliklerine giňden seretdiler.

Duşuşygyň gün tertibinde geçirilmeli Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek meselesine aýratyn orun berildi. Ministrler ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibiniň jemleýji resminamalarynyň taslamalaryny biragyzdan makulladylar.

Maslahatyň netijeleri boýunça sebitde durnukly ösüşi we amaly hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň wajypdygy bellenildi.