21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Bişkekde talyplara we mugallymlara Türkmenistanyň halkara başlangyçlary barada gürrüň berildi

Noý 25, 2026

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Bişkekdäki I. Arabaýew adyndaky Gyrgyz döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, ýurduň gazanan üstünliklerine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan çäre geçirildi.

Oňa türkmen talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berildi. Gatnaşyjylar milli bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary goldamak hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylara bu başlangyjyň döwletara gatnaşyklaryň halkara hukuk esaslaryny berkitmekdäki, parahatçylygy gorap saklamakdaky we netijeli dialogy ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň berildi.

2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri barada hem maglumat berildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygy Azerbaýjanyň doly hukukly gatnaşmagynda ilkinji gezek resmi taýdan altytaraplaýyn formatda geçirildi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Birinji Hazar ekologiýa sammitiniň ähmiýeti barada gürrüň berildi.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegi, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, talyplary alyşmagyň, bilelikdäki ylmy barlaglaryň we ýaşlar taslamalarynyň iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.