21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanyň Mejlisinde türkmen-moldowa parlamentara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Sen 15, 2026

Türkmenistanyň Mejlisinde 14-nji sentýabrda türkmen-moldowa parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek we ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle hem iki ýurduň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň täze mümkinçilikler bilen baýlaşýandygy nygtaldy.

Moldowa-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň wekillerine Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň işi, şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we durmuş ulgamlarynda alnyp barylýan özgertmeler barada maglumat berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berip, kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagy dowam etdirmek, dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, wekiliýetleriň özara saparlaryny we duşuşyklaryny geçirmek boýunça pikirlerini beýan etdiler.